- ýeň
- Geýimiň bütin goly örtýän bölegi.∙ Iki ýeňi tirsegine çenli çermelen Näzik tiz-tizden ädim urup, gyssanmaç gelýärdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)∙ Derlän we çäge syran ýüzüni ýeňi bilen süpürdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)◊ etekalty, ýeň ýedi bolup barmak — seret barmak 2∙ Etekalty, ýeň ýedi, Ýöräp barýan ýol bilen. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)◊ ýeň bermezlik — Öz aýdanyňy öňe sürmeklik, öz diýeniňi makullamaklyk.∙ Pökgen ýeň bermän, Ellini aklady. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)◊ ýeň çermeşmek — Biri bilen ýumruklaşmaga häzirlenmek, herrelişmek.∙ Meniň gülsüm bilen gygyryşyp, ýeň çermeşendigimi bir aýtmaweri! (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)◊ ýeň sapy — Türkmen aýal-gyzlarynyň don, çabyt, köýnek ýaly geýimleriniň ýeňiniň ujuna urýan, tikýän aýry reňkdäki matasy.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.